JEMGYÝET

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-
sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Arkadag şäherinde mekdebi döwrebaplaşdyrmak we durkyny täzelemek, onuň çäginde sport-bedenterbiýe toplumyny, şeýle hem 320 orunlyk çagalara bagyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň gatnaşmagynda Türkiýäniň “Gap Inşaat” kompaniýasy bilen ýokarda agzalýan durmuş maksatly binalaryň gurluşygy boýunça şertnama gol çekildi.

Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda çagalaryň bagtly durmuşa ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň nobatdaky subtunamasy boldy.

Related posts

Türkmen metbugatynda-20.03.2019

vepa

Durmuş bu ……

vepa

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer