JEMGYÝET

C5+1: Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Daşkent şäherinde «JW Marriott» myhmanhanasynda C5+1 formatynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Gatnaşyjylaryň arasynda ABŞ-nyň jemgyýetçilik diplomatiýasy we jemgyýetçilik bilen gatnaşyklar boýunça Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers hem bardy.

Duşuşyk 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Waşington şäherinde geçirilen C5+1 sammitinde gazanylan ylalaşyklaryň logiki dowamy bolup, şol sammitiň jemleri boýunça medeni mirasy gorap saklamak babatda Bilelikdäki Beýannama kabul edilipdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar medeni mirasy goramak, ylmy taýdan öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň amaly meselelerine garadylar. Hususan-da, muzeýleriň, ylmy-barlag merkezleriniň we degişli ugurdaş edaralaryň arasynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem medeniýet ulgamynda işleýän hünärmenleriň hünär alyş-çalyşlaryny giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň gün tertibinde medeniýet ulgamynda häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak bilen bagly meseleler hem möhüm orun eýeledi. Şol sanda taryhy-medeni ýadygärlikleriň sanlylaşdyrylmagy, olaryň ylmy taýdan öwrenilmeginde, resminamalaşdyrylmagynda, gorap saklanylmagynda hem-de geljek nesiller üçin elýeterli edilmeginde innowasion çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagy barada pikir alşyldy.

Duşuşykda çykyş eden Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary G.Myradalyýew medeni hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda özara ynamy berkitmekde, netijeli dialogy ösdürmekde hem-de halklaryň arasynda medeni-gumanitar gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şeýle hem medeni miras desgalaryny dikeltmek, öwrenmek we gorap saklamak boýunça halkara hyzmatdaşlar bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň tejribesine ünsi çekdi. Şeýle hem Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ABŞ-nyň Ilçisiniň Gaznasy  tarapyndan goldanylýan bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýratyn nygtady.

Duşuşyga gatnaşyjylar C5+1 formatyndaky medeni dialogyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň gumanitar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, hünär gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi has-da çuňlaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti ilkinji döwlet sapary bilen Gruziýa bardy

Ahalteke atlarynyň dünýä çempionaty üçin meýletinçiler taýýarlanýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 23-nji sentýabrda geçiriler

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabatda saparda boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda duşuşdy