JEMGYÝET

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby Italiýada tanyşdyryldy

Wenesiýa şäherinde ýerleşýän «Ka Sagredo» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Dabara Weneto sebitiniň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.

Dabarada Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekow giriş sözi bilen çykyş etdi. Ol syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň ýokary derejä ýetendigini belläp geçdi. Türkmen diplomaty çykyşynyň dowamynda kitabyň italýan diline terjime edilmegine goldaw beren Weneto sebitiniň Gubernatorynyň edarasyna we ähli italiýaly hyzmatdaşlara minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle-de, Ka Foskari institutynyň prorektory, professor Markomini dabarada çykyş edip, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyň italýan diline terjime edilmeginiň italýan jemgyýetine türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we döwleti dolandyrmak däpleri bilen ýakyndan tanyşmaga hem-de iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini nygtady.

Mundan başga-da, tanyşdyrylyş çäresiniň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary hem söz sözlediler.

Kitabyň tanyşdyrylyş çäresi tamamlanandan soňra, ol ýerde şu dabara gatnaşmak üçin Italiýa sapar bilen baran Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Konsertde türkmen halkynyň nusgawy aýdym-sazlary, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen aýdymlar ýerine ýetirildi.

Şeýle-de, dabaranyň çäklerinde myhmanlara türkmen milli tagamlary hem hödür edildi. Bu barada Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi