BIZNES

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Paýtagtymyzda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda iki ýurduň arasynda degişli ugurlar boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege ynanyşmak we özara bähbitli esasda ösdürilýär.

Mejlisiň dowamynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek topary bilen özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky Teswirnama gol çekildi.

Mejlise gatnaşyjylar türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmuna eýe boljakdygyna we üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň Aşgabatda geçirilen nobatdaky mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda bilelikdäki tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Related posts

Türkmenistan Ýewropa tebigy gaz ibermek üçin mümkinçilige eýedir

Dünýäde iň uzyn Internet kabeli çekilýär

Ata Watan Eserleri

ABŞ-da nebit önümçiligi azalýar