BIZNES

Birža täzelikleri: 16 geleşik hasaba alyndy

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň telekeçilerine nah ýüplügi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 904 müň dollaryna barabar boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri bahasy 8 million 956 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Related posts

Türkmenistanyň we Ukrainanyň Söwda-senagat edaralarynyň wideokonferensiýa duşuşygy

Bütindünýä söwda guramasyna agzalygy bilen bagly bolan meseleler

vepa

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Leave a Comment