SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Özbegistanyň Milli statistika komitetiniň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň ýanwar–maý aýlarynda Özbegistana syýahatçylyk maksady bilen 5 351 868 daşary ýurt raýaty geldi.

Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,1 million adam ýa-da 27,3 göterim artdy.

Özbegistana iň köp syýahatçy gelen 10 ýurt:

  1. Gyrgyz Respublikasy — 1 539 503 adam;
  2. Gazagystan — 1 246 689 adam;
  3. Täjigistan — 1 211 060 adam;
  4. Russiýa — 465 885 adam;
  5. Owganystan — 198 910 adam;
  6. Hytaý — 178 121 adam;
  7. Türkmenistan — 136 997 adam;
  8. Türkiýe — 78 312 adam;
  9. Hindistan — 20 807 adam;
  10. Germaniýa — 18 291 adam.

Maglumatlara görä, Türkmenistan Özbegistana iň köp syýahatçy iberýän ýurtlaryň arasynda ýedinji orny eýeleýär. Syýahatçylaryň umumy sanynyň ep-esli artmagy Özbegistanyň sebitdäki syýahatçylyk merkezleriniň biri hökmünde öz ornuny berkitýändigini görkezýär.

Ýene-de okaň

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler