BIZNES

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow Daşkent şäherinde geçirilýän V Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar.

Hususan-da,  16-njy iýunda, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy “Central Asian Expo Uzbekistan” halkara sergi merkeziniň işine, şeýle hem forumyň panel mejlislerine gatnaşdy. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde ministr «Tehnopark Daşkent» hem-de Yslam siwilizasiýasy merkezine baryp gördi.

17-nji iýunda Nazar Agahanow “Tashkent City Kongres” merkezinde geçiriljek V Daşkent halkara maýa goýum forumynyň umumy mejlisine gatnaşar.

Mundan başga-da, saparyň maksatnamasynda “UzAuto Motors Powertrain” we “Artel Electronics” kärhanalaryna baryp görmek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde türkmen wekiliýeti kompaniýalaryň önümçilik işi bilen tanşar.

18-nji iýunda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri forumyň panel mejlislerine gatnaşmagyny dowam etdirer. Şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň maýa goýumlar, senagat we söwda ministri Laziz Kudratow bilen duşuşyk geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda seýrek duş gelýän minerallaryň gözleginde halkara hyzmatdaşlygy ýola goýlar

Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler

Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň demirýol stansiýalary döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň söwdasy başlar

Aşgabatda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda “e-TIR” ulgamy boýunça ilkinji synag ýük daşamasy başlandy