DÜNÝÄ

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan ozal Özbegistana bardy

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurdumyzyñ paýtagtynda gysga wagtlaýyn saklanan Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibragim bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi we olary amaly mazmun bilen baýlaşdyrmak meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýokary derejeli özara saparlaryň netijesinde ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk düýbünden täze derejä çykdy. Hususan-da, ýylyň başyndan bäri söwda dolanyşygy 15 göterim artdy, bilelikdäki kärhanalaryň sany bolsa 50-ä ýetdi. Dürli derejelerde işjeň gatnaşyklar dowam etdirilýär.

Şu günler Özbegistanda saparda bolýan Malaýziýanyň “Petronas” korporasiýasynyň wekiliýeti bilen geçirilen gepleşikleriň ähmiýetine ünsi çekip, döwlet Baştutany ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda strategik taslamalaryň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Aýratynam, nebithimiýa senagaty, ýokary tehnologiýaly pudaklar, oba hojalygy, maşyn gurluşygy, derman senagaty we beýleki ileri tutulýan ugurlardaky taslamalary ilerletmäge aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda yslam maliýeleşdirmesi, sebitara hyzmatdaşlyk, zyýarat syýahatçylygy, göni howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak, şeýle hem medeni alyş-çalyşlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de halkara we sebit gün tertibindäki meseleler boýunça pikir alyşyldy.

Duşuşygyň netijesinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimi aýratyn resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy

Tramp ABŞ bilen Eýranyň arasynda ylalaşygyň baglaşylandygyny mälim etdi

Donald Tramp 80 ýaşady