DÜNÝÄ

Günorta Koreýada prezident saýlawlary üçin öňünden ses bermek başlandy

Koreýa Respublikasynda prezident saýlawlary üçin iki günlük öňünden ses bermek 29-njy maýda ýurduň çäginde başlandy. Merkezi saýlaw komissiýasynyň habaryna görä, respublika boýunça 3,5 müň saýlaw uçastoky saýlawçylaryň hyzmatynda.

Uçastoklar ýerli wagt bilen sagat 06:00-dan 18:00-a çenli açyk bolar. Esasy ses beriş güni 3-nji iýunda geçiriler. 20-25-nji maý aralygynda daşary ýurtlardaky uçastoklarda öňünden ses bermek geçirildi.

Koreýa Respublikasynyň ilaty takmynan 51,6 million adamy düzýär. Merkezi saýlaw komissiýasynyň maglumatyna görä, ýurduň çägindäki takmynan 44,3 million Koreýa Respublikasynyň raýatynyň ses bermäge hukugy bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda parahatçylyk we durnuklylyk başlangyçlaryny öňe sürer

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär