DÜNÝÄ

Belgiýanyň ilçisi Türkmenistanda işe başlady

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mişel Pitermansdan ynanç hatyny kabul etdi.

Duşuşygyň çäklerinde dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem diplomat türkmen parlamentiniň düzümi we amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler bilen baglylykda, onuň köpugurly işi bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda Belgiýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi iki döwletiň we olaryň dostlukly halklarynyň milli bähbitlerini nazara almak bilen ýola goýulýan köpugyrly dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Related posts

Eýranyň Prezidenti Russiýa barýar

Ata Watan Eserleri

Hytaýly alym Halkara alabaý itleri assosiasiýasyna agzalyga kabul edildi

Nýu-Ýorkuň 110-nji şäher häkimi wezipesine girişdi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment