Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün işler umuman alanyňda oňat gider  ýöne seresaplylygy elden bermäň. Ilkinji gelen pikir hemişe  dogry çözgüt bolmaz. Şonuň üçin ýagdaýy içgin seljerip howlukman netije çykarsaňyz ýalňyşlyklardan gaça durarsyňyz. Özüni howlukdyrmaýan we başgalary hem howlukdyrmaýan Hamallar üstünlik gazanar. Emma köpüňizde islenýän netijä tiz ýetmek islegi güýçli bolup, sabyry saklamak kyn düşüp biler.
Günüň ilkinji ýarymy aýratyn-da iş hepdesinden ýadanlar üçin ýeňil bolmaz.
Günüň ikinji ýarymy bolsa sizi begendirer. Ruhlandyryjy hoş habar eşitmegiňiz mümkin. Bu habar göni size degişli bolmasa-da geljege bolan ynamyňyzy artdyrar. Dostlar bilen duşuşmak medeni ýa-da dynç alyş çärelerine gatnaşmak üçin amatly pursat. Şeýle hem öň diňe gowy gürrüňlerini eşiden adamlaryňyz bilen şahsy tanyşmak mümkinçiligi dörär.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün garaşylmadyk kynçylyklaryň ýüze çykmagy mümkin. Olar hatda iň garaşmadyk ýerleriňizden hem çykyp biler. Köp Sowurlar geçmişde bolan ýakymsyz wakalary ýatlap, öňki ýalňyşlyklary üçin özlerini ýazgarmaga meýilli bolarlar. Şeýle pikirler häzirki wagtda ne peýda getirýär, ne-de ruhuňyza rahatlyk berýär. Ünsüňizi şu güne gönükdirip, täze mümkinçilikleri sypdyrmazlyga çalşyň.Günüň dowamynda biri-birine garşy gelýän dürli maglumatlary eşidersiňiz. Olaryň hemmesine bada-bat ynanmak dogry bolmaz. Ilki ähli maglumatlary seljerip, diňe şondan soň öz netijäňizi çykaryň. Daşyňyzda öz maksadyna ýetmek üçin başgalary ulanýan adamlar hem bolup biler. Şonuň üçin hüşgärligi ýitirmäň.Maşgala bilen bagly käbir meselelere wagt sarp etmeli bolarsyňyz. Ýakynlaryňyzyň biri siziň goldawyňyza mätäç bolup biler. Käwagt adamlar kömek soramaga çekinýärler, şonuň üçin olaryň ýagdaýyna ünsli bolup  goldawyňyzy gaýgyrmaň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün esasanam adamlar bilen düşünişmek babatda ýeňil bolmaz. Öňden bäri dowam edip gelen düşünişmezlikler täzeden ýüze çykyp biler. Ozal gowy gatnaşyk saklan adamlaryňyz  ownuk sebäpler bilen jedelleşip, biri-birine nägilelik bildirip bilerler. Şeýle ýagdaýlar umumy meýilnamalaryň bozulmagyna sebäp bolup biler. Siz bolsa ýagdaýy ýumşatmaga we agzybirligi dikeltmäge çalyşyň. Munuň üçin biraz sabyr we paýhas gerek bolar.Günüň başynda oňyn täsirler güýçli bolmasa-da wagtyň geçmegi bilen ýagdaý gowulaşar. Agşama golaý täze we gyzykly pikirler dörär. Şeýle hem meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmäge kömek etmäge taýýar adamlar ýanyňyzda bolar. Şahsy durmuşyňyz ýa-da iş bilen bagly gyzykly teklipleriň gelmegi hem mümkin.Köp Jöwzalar täze tanyşlarynda örän gowy täsir galdyrarlar. Emma özüňiz hem birine güýçli gyzyklanma duýup bilersiňiz. Şeýle ýagdaýda duýgularyňyzy dolandyryp, howlukmaç netije çykarmasaňyz, has dogry karar kabul edersiňiz.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün aňsat geçmez. Möhüm işleri meýilleşdiren Seretanlar garaşylmadyk päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolup bilerler. Başlan işiňizi üstünlikli tamamlajak bolsaňyz has köp tagalla etmeli bolarsyňyz. Size kömek etmegi wada beren adamlar dürli sebäplere görä sözüni ýerine ýetirip bilmez. Şeýle hem köne tanyşlar bilen gatnaşyklarda-da düşünişmezlikler ýüze çykyp biler. Kimdir biri öňki öýke-kinesini ýatlap, geçmişdäki hereketleriňiz üçin düşündiriş sorap biler. Käbir nägilelikler esassyz ýaly görünse-de, olara arkaýynlyk bilen jogap bermäge çalşyň. Sabyrlylygyňyz ýagdaýy dartgynlylyga ýetirmez.Söýýän adamyňyz bolsa size goldaw berer we her ädimiňizde düşüner. Umuman söýgi gatnaşyklarynda oňyn özgertmeler garaşylýar.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Günüň ilkinji ýarymy ýeňil bolmaz. Ýüze çykýan kynçylyklaryň öňünde ruhdan düşmäň we özüňize bolan ynamyňyzy ýitirmäň. Köp zat siziň tutanýerliligiňize bagly bolar. Ilkinji synanyşygyňyz başa barmasa, ýüz öwürmäň. Ikinji mümkinçilik size has uly üstünlik getirip biler.Maliýe, satyn alyş ýa-da maýa goýum bilen bagly täze pikirler dörär. Käbir Esetler öz işini açmak barada hem oýlanyp bilerler. Şeýle meýilnamalar örän özüne çekiji görünse-de olary sowukganlylyk bilen seljermek möhümdir. Islegiňizi hakykat hökmünde kabul etmezlige çalşyň.Meýilleşdirilmedik çykdajylardan we duýdansyz satyn alyşlardan saklanyň. Garaşylmadyk pul gazansaňyz, ony dessine harçlamaga howlukmaň. Ýakyn wagtda şol serişdeleri has möhüm maksada gönükdirmek üçin amatly mümkinçilik peýda bolar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Şenbe gününe köp işleri meýilleşdiren bolsaňyz-da howlukmaň. Günüň başynda çylşyrymly meselelere girişmek maslahat berilmeýär. Ilki pikirleriňizi tertibe salyp ileri tutulmaly işleri kesgitläň. Günüň ortalary örän netijeli geçer. Ýanyňyzda goldaw bermäge taýýar adamlar bolar. Olar käbir jogapkärçilikleri öz üstüne alyp, işleriňizi ýeňilleşdirerler. Şeýle hem kimdir biri size geljekde üstünlik getirjek gymmatly pikir hödürläp biler.Bu döwür söwda etmek üçin hem amatlydyr. Zerur zatlary saýlap alarsyňyz, artykmaç çykdajy etmersiňiz we satyn alan zatlaryňyz uzak wagtlap göwnüňizden turar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün ýyldyzlar siziň tarapyňyzda. Muny netijeli peýdalanyň. Öň size kyn görünýän işleri hem üstünlikli başlap bilersiňiz. Munuň esasy sebäbi  ýanyňyzda goldaw bermäge taýýar adamlaryň bolmagydyr. Ozal pikirleriňize şübhe bilen garanlar hem indi meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmekde size kömek etmäge taýýardyrlar. Diňe olara näme isleýändigiňizi anyk düşündirmegi ýatdan çykarmaň.Günüň ilkinji ýarymy başgalara kömek etmek üçin hem amatlydyr. Durmuşyň kynçylyklarynyň öňünde ejiz galan adamlara tejribäňiz we paýhasyňyz uly goldaw berer. Şol bir wagtyň özünde öz bähbidiňizi hem ünsden düşürmersiňiz.Günüň ikinji ýarymy käbir aladalary getirse-de, olaryň köpüsi ýakymly wakalar bilen baglanyşykly bolar. Maşgalada şatlykly habarlar bolup biler. Käbir Mizanlar uzak wagtlap alada eden adamlary barada göwünhoş ediji habar eşiderler. Söýgi duşuşyklary örän şowly geçer. Söýýän adamyňyz bilen bile geçirilen iň ýönekeý pursatlar hem size uly bagt duýgusyny bagyşlar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün ýeňil bolmaz. Öň meýilleşdiren işleriňizi bir gyra goýup duýdansyz ýüze çykan we gyssagly çözülmeli meselelere üns bermeli bolarsyňyz. Köp Akraplar üçin iň kyn tarapy  maslahat sorajak ýa-da ruhy goldaw berjek adamyň tapylmazlygydyr. Käbirleriňiz özüňizi ähli kynçylyk bilen ýeke galan ýaly duýup bilersiňiz. Şeýle pikirlere ýol bermäň. Aslynda size alada edýän adamlar bar, olar diňe häzirki wagtda size nähili kömegiň gerekdigine doly düşünmeýärler. Islegiňizi açyk aýdanyňyzda, ýagdaý ep-esli ýeňilleşer.Maliýe we emläk bilen bagly meseleleri çözmek üçin amatly gün. Içki duýgyňyza ynansaňyz dogry karara geler we sizi ýalňyş ýola salmak isleýän adamlaryň duzagyna düşmersiňiz.Söýgi gatnaşyklarynda hem oňyn täsirler duýlar. Täze tanyşlyklar ýüze çykyp, olaryň geljekde çuňňur we ýakymly gatnaşyga öwrülmegi ähtimal.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün käbir kynçylyklar ýüze çyksa-da, olar sizi ne gorkuzar, ne-de ruhdan düşürer. Islendik meselä sowukganlylyk bilen çemeleşmegiňiz iň dogry çözgüdi tapmaga kömek eder. Adatça duýgur hereket edýän Kowslar bu gün has asuda we paýhasly bolarlar. Şeýle häsiýet bolsa töweregiňizdäki adamlarda örän gowy täsir galdyrar.Şeýle hem  täze  pikirdeşleri tapmak we bilelikde işe girişmek üçin amatlydyr. Goldaw sorasaňyz, ony uzak garaşmaly bolmarsyňyz. Täze tanyşlaryňyz hem meýilnamalaryňyza gatnaşmak isläp bilerler. Şeýle hyzmatdaşlyk uzak ýyllap dowam etjek dostlugyň ýa-da owadan söýgi hekaýasynyň başlangyjy bolup biler.Maşgala bilen bagly käbir meseleleri üstünlikli çözüp kyn ýagdaýa düşen ýakynlaryňyza kömek edip bilersiňiz. Günüň ikinji ýarymy öý işleri üçin örän amatly bolar. Olar sizi ýadatmaz tersine, kanagat getirer. Kiçi göwrümli satyn alyşlar  hatda öň meýilleşdirilmedik bolsa-da, üstünlikli bolar. Maşgala ýa-da dostlar bilen guralan gysga syýahatlar hem ýakymly täsir galdyrar.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün gyzykly we wakalardan doly geçer. Garaşylmadyk habarlar  täze teklipler hem-de geljege uly mümkinçilik açýan pikirler ýüze çykar. Täze işe uly höwes bilen girişersiňiz. Ilkinji synanyşykda hemme zat meýilleşdirişiňiz ýaly bolmasa-da, siz yza çekilmersiňiz. Tutanýerliligiňiz hökman öz miwesini berer we eden zähmetiňiz sylaglanylar.Täze işleriň üsti bilen öň hiç meňzeşmedik adamlar bilen tanyşarsyňyz. Olar bilen söhbetdeşlik diňe bir ýakymly bolman, eýsem size täze bilim we başgaça garaýyş hem berer. Bu tanyşlyk uzak ýyllap dowam etjek dostlugyň ýa-da durmuşyňyzda möhüm orun tutjak söýgi gatnaşyklarynyň başlangyjy bolup biler.Günüň ikinji ýarymy uzak wagt bäri söýgülisi bilen bile ýaşaýan Jediler üçin aýratyn ähmiýetli bolar. Siz ikiňiz möhüm meseleleri arkaýyn ara alyp maslahatlaşyp, umumy pikire gelip bilersiňiz. Geljek baradaky meýilnamalary düzmek we olary amala aşyrmagyň ýollaryny kesgitlemek üçin örän amatly pursat.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu gün ozal meýilleşdiren ähli işleriňizi ýerine ýetirjek höwesi duýmarsyňyz. Şeýle-de bolsa, iň gyssagly däl işleri başga güne goýmagyň hiç hili zyýany ýok. Ýöne bütin günüňizi hiç zat etmän geçirmek hem dogry bolmaz. Şeýle ýagdaý keýpiňiziň peselmegine sebäp bolup biler. Şonuň üçin özüňiz üçin gyzykly meşgullanmany  dynç alyşy ýa-da ruhlandyryjy gysga syýahaty meýilleşdiriň.Käbir Daluwlar geçmişdäki ýakymsyz wakalary ýatlap, ulanylmadyk mümkinçiliklere gynanyp bilerler. Emma özüňizi ýazgarmagyň deregine, pikiriňizi täze we şatlyk getirýän zatlara gönükdirmäge çalşyň. Dostlaryňyz size garaşylmadyk gyzykly teklip hödürläp bilerler. Şeýle mümkinçiliklerden ýüz öwürmezlik maslahat berilýär.Söýýän adamyňyz bilen geçirjek wagtyňyz hem göwnüňizi göterer. Bilelikde täze pikirleri durmuşa geçirip, biri-biriňize has-da ýakynlaşarsyňyz.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün oňyn täsirler duýlar, ýöne ähli zat öz-özünden başa barmaz. Üstünlik gazanmak üçin zähmet çekmeli, täze usullary synap görmeli we öňüňizde duran maksatlara ýetmegiň täze ýollaryny gözlemeli bolarsyňyz. Siz bolsa bu gün has köp dynç almagy islärsiňiz. Şeýle-de bolsa, ýagdaýlar başgaça hereket etmegi talap eder. Içki duýgyňyz hem hut şu ýoluň dogrudygyny görkezer.Günüň dowamynda diňe özüňiz üçin däl, eýsem töweregiňizdäkiler üçin hem köp peýdaly iş edersiňiz. Şeýle zähmetiňiz üçin özüňizi höweslendirmegi ýatdan çykarmaň. Daşyňyzdakylar siziň edýän tagallalaryňyzy hemişe görüp durmazlar. Şonuň üçin gazananlaryňyzy paýlaşmakdan çekinmäň. Siziň tejribäňiz we eden işleriňiz başgalar üçin hem peýdaly bolup biler.Söýgi gatnaşyklarynda käbir dartgynly pursatlar ýüze çykmagy mümkin. Söýýän adamyňyz bu gün sizi goldamakdan has köp tankyt edip biler. Şeýle ýagdaýy ümsüm kabul etmäň. Açyk we dogruçyl söhbetdeşlik düşünişmezligi aradan aýyrmaga hem-de gatnaşyklaryňyzy has-da berkitmäge kömek eder.
Hormatly okyjylarymyz!