TEHNOLOGIÝA

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Arkaç” söwda-dynç alyş merkeziniň “Iş Nokady” işewürlik merkezinde Türkmenistanda ilkinji gezek “Transport Expedition” (TEX) logistika sanly platformasynyň resmi açylyş we tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu taslama ýük ugradyjylary (ýük eýelerini), hususy sürüjileri, iri awtoduralgalaryň eýelerini we logistika kompaniýalaryny onlaýn görnüşde bir ýerde jemleýän döwrebap köpri bolup hyzmat eder.

Tanyşdyrylyş dabarasyna pudagyň öňdebaryjy bilermenleri, iri ýerli telekeçiler, önüm öndürijiler hem-de logistika ulgamy bilen gyzyklanýan köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Şeýle-de, bu çärä daşary ýurtlardan gatnaşmaga isleg bildiren myhmanlar üçin Google Meet platformasy arkaly onlaýn görnüşde guraldy.

Dabaranyň dowamynda “Türkmen Logistika” assosiasiýasynyň direktorynyň orunbasary Sapa Gurbanberdiýew, “MCT Agency” maslahat beriş kompaniýasynyň ýolbaşçysy Daniil Maýakowskiý we “Döwletli Nesibe” hojalyk jemgyýetiniň direktory Haknazar Haljanow dagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, “TEX” sanly taslamasy 160-dan gowrak ugurdaş kompaniýany birleşdirýän “Türkmen Logistika” assosiasiýasynyň goldawy bilen, “Daşly kenar” hojalyk jemgyýetiniň eýeçiligi esasynda durmuşa geçirildi.

“TEX” platformasy milli we daşary ýurtly bilermenleriniň gatnaşmagynda “Döwletli Nesibe” HJ tarapyndan iki ýylyň dowamynda işlenip düzüldi. Bu taslamanyň esasy aýratynlygy ýurdumyzda alnyp barylýan ähli amallaryň we hasaplaşyklaryň diňe bir halkara walýutalarynda däl-de, eýsem, milli manatda, doly görnüşde üpjün etmäge mümkinçilik berýän ilkinji giň gerimli sanly logistika guraly bolmagydyr. Ulgam “bir penjire” ýörelgesi esasynda, döwrebap websaýt we ykjam goşundylar (Google Play, App Store) arkaly elýeterlidir.

 

Platformanyň esasy funksional mümkinçilikleri:

  • Intellektual gabatlaşdyrma: Ýük eýeleri bilen oňa laýyk gelýän ulaglaryň awtomatiki usulda bir ýerde jemlenmegi;
  • GPS-monitoring: Ýükleriň ýerleşýän ýerini sanly görnüşde yzarlamak mümkinçiligi;
  • Çykdajylaryň optimizasiýasy: Göni gatnaşyklar arkaly artykmaç çykdajylaryň aradan aýrylmagy.
  • Analitika: Logistika çykdajylaryny meýilleşdirmek we maglumatlary toplamak üçin ýörite gurallar.

“TEX” platformasy iňlis, rus we türk dillerinde elýeterli bolup, howpsuzlyk taýdan ygtybarly we ulanyş taýdan amatly görnüşde işlenip düzüldi. Bu ulgam ýurtda dünýä standartlaryna laýyklykda logistika ulgamynyň kämilleşmegine, ýerli harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna we eksport düzüminiň berkemegine goşant goşar.

Platforma doly güýjünde öz işine başlady. Platformadan peýdalanmak üçin texexpress.pro websaýtyna girip, gysgaça anketany doldurmak arkaly hasaba durmak ýeterlikdir.

  Metbugat üçin habarlaşmak:

  • Taslamanyň ady: “TEX” sanly logistika platformasy
  • Işläp düzen: “Döwletli Nesibe” hojalyk jemgyýeti (www.dowletli.com.tm)
  • Eýeçilik ediji: “Daşly kenar” hojalyk jemgyýeti
  • Websaýt: www.texexpress.pro
  • E-poçta: info@texexpress.pro
  • Telefon: +993 71397775
  • Goldaw beren gurama: “Türkmen Logistika” assosiasiýasy (www.tla.tm)

Ýene-de okaň

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi

Türkmenistanda “TELECOMWIFI” jemgyýetçilik “Wi-Fi” gerimini giňeldýär

“Bitdeer Technologies Group” Türkmenistanda ilkinji maglumat merkezini gurar