JEMGYÝETSPORT

Dünýä çempionaty başlady: Meksika we Günorta Koreýa ýeňiş gazandy

Ilkinji gezek dünýäniň 48 ýurdunyň milli ýygyndylarynyň gatnaşmagynda ilkinji gezek 3 döwletde – ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 23-nji futbol boýunça dünýä çempionaty badalga aldy.

Çempionatyň ilkinji oýunlary Meksikada geçirildi. Açylyş dabarasy hem Meksikanyň meşhur Asteka stadionynda guraldy.

MEKSIKA WE GÜNORTA KOREÝA ÝEŇIŞ GAZANDY

Çempionatyň ilkinji duşuşyklary “A” toparçasynda geçirildi. Onda Meksika Günorta Afrika Respublikasyny, Günorta Koreýa bolsa Çehiýany kabul etdi.

Meksika bilen Günorta Afrikanyň arasyndaky duşuşyk has çekeleşikli geçdi. Duşuşykda 3 sany gyzyl kart görkezildi. Günorta Afrikadan 2 oýunçy, Meksikada bolsa 1 oýunçy oýundan çykaryldy.

Meksikanyň 2:0 hasabynda ýeňen duşuşygynda 9-njy minutda Kinones, 67-nji minutda bolsa, Himenes tapawutlandy.

Şeýlelikde, 3 gezek dünýä çempionatyny kabul edip, rekord goýan Meksika çempionata 3 utuk bilen başlady.

“A” toparçanyň beýleki duşuşygynda Aziýanyň güýçli ýygyndylaryndan Günorta Koreýa 1:0 hasabynda utulyp barýan wagty 2:1 hasabynda Çehiýanyň ýygyndysyny ýeňmegi başardy.

Çehiýadan Ladislaw Kreýçi 59-njy minutda toparyny öňe çykardy. Duşuşykda has erjel oýun görkezen koreýler 67-nji minutda Hwan In Býom bilen hasaby deňledi we 80-nji minutda O Hen Kýu bilen 2:1 hasabynda öňe saýlanyp, ýeňiş gazandy.

Çempionat dowam edýär, ikinji günde gije 24:00-da Kanada bilen Bosniýa we Gersogowiniýa duşuşar.

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Neýmar milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady

Erling Holand gollaryň sanynda Messi we Mbappe bilen deňleşdi

Norwegiýa Braziliýany ýeňip, taryhy üstünlik gazandy

Angliýanyň ýygyndysy 1/4 finala çykdy

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy