DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň we köpýyllyk tejribäniň ähmiýetini nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň we ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan energetika we ulag geçelgelerini döretmek, parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça kabul edilen kararnamalaryň ähmiýeti bellenildi. Şonuň ýaly-da, taraplar 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň döwletara gatnaşyklarda özara ynanyşmagy we birek-birege hormat goýmagy berkitmekde, parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýadyny pugtalandyrmakda möhüm orna eýe boljakdygyny bellediler.

Şeýle hem bilelikdäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde milli meýilnamalary durnukly ösüş maksatlary bilen utgaşdyrylmak, kanun taslamalary halkara ülňülerinden ugur alyp kämilleşdirmek, şeýle hem milli Parlamentiň maglumat ulgamlaryny sanlylaşdyrmak, elektron resminama dolanyşygyny kämilleşdirmek boýunça geçirilen okuw maslahatlaryň we duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda milli Parlamentiň ýolbaşçysy Dmitriý Şlapaçenkony Birleşen Milletler Guramasynyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we oňa täze diplomatik wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy