DÜNÝÄ

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bu düzümiň ýolbaşçysynyň geljek aýda Türkmenistana saparyna taýýarlygyň çäklerinde ýakynda ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda bu saparyň barşynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalarynyň mazmunlarynyň üstünde işlemek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistan bilen bu bankyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, hususan-da, strategik hyzmatdaşlygyň ýangyç-energetika, ekologiýa, bank-maliýe ýaly esasy ugurlary boýunça degişli resminamalaryň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň abraýly maliýe institutlary we halkara banklary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini, Türkmenistanyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi hem-de bu hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Ilçisi Hubeý welaýatynda geçirilen çärelere gatnaşdy