BIZNES

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda toparyň ýolbaşçylarynyň ikiçäk duşuşygy geçirildi. Onda Aşgabatda meýilleşdirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň Türkmenistanyň hem-de Slowakiýa Respublikasynyň arasynda ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarmakda wajyp ädim boljakdygy nygtaldy.

Çykyşlarda bilelikdäki toparyň mejlisiniň ilkinji gezek geçirilýändigi, munuň bolsa Türkmenistanyň we Slowakiýanyň özara gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini görkezýändigi nygtaldy.

Mejlise gatnaşyjylar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, ykdysadyýetiň we söwdanyň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Şunda iki döwletiň hojalyk subýektleriniň arasynda ikitaraplaýyn ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam berjek bilelikdäki taslamalara garamagyň möhümdigi tassyklanyldy.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisiniň işçi duşuşygy we ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olara toparyň agzalary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyklaryň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş we lukmançylyk, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda wajyp meselelere garaldy.

Ýene-de okaň

Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň demirýol stansiýalary döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň söwdasy başlar

Aşgabatda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda “e-TIR” ulgamy boýunça ilkinji synag ýük daşamasy başlandy

Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanda täze tebigy gaz akymy alyndy