Gazagystanyň Almatyda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy ýurtlarynyň “Merkezi Aziýa+” kino forumy geçirildi. Oňa TürkmenistanyňTelewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa boýunça döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň başlygy Mämmetnazar Saparmyradow hem-de kinorežisýýor Hangeldi Çaryýew gatnaşdy.
Çäre Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň we GDA gatnaşyjy döwletleriniň Döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlyk gaznasynyň goldawy bilen guraldy.
Foruma Gazagystan, Russiýa, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan we Türkmenistan gatnaşýar.
Forumyň çäklerinde 24-nji iýunda “Daragt” kinofilminiň görkezilişi boldy. Şeýle hem bu forumyň çäklerinde gatnaşyjy döwletleriň arasynda duşuşyk guraldy.

Duşuşykda çykyş eden Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň başlygy Mämmetnazar Saparmyradow Tükrmenistan döwletimiziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk edýän ýylda şeýle forumlaryň geçirilmeginiň medeniýetara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly goşant goşýandygyny belledi.
Forumda “Roskino” kompaniýasynyň baş direktory Elza Antonowa gatnaşyjy döwletleriň bilelikdäki hyzmatdaşlygyny ösdürmek we umumy dokumental film taslamalaryny döretmek üçin zerur ädimler barada çykyş etdi.
Guramaçylaryň bellemegine görä, “Merkezi Aziýa+” kino forumy gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda medeniýetara hyzmatdaşlygy we dialogy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu bolsa GDA ýurtlarynyň kino pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, bilelikdäki film önümçiligini giňeltmäge we ýurtlarymyz üçin umumy hem-de möhüm gymmatlyklary öňe sürmäge mümkinçilik döreder.
