DÜNÝÄ

Türkmenistan-Gazagystan: elektron söwda ulgamynda ylalaşyklar gazanyldy

Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary – Hökümet diwanynyň ýolbaşçysy Galymjan Koýşybaýew bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň bilelikde başlyklyk etmeginde türkmen-gazak hökümetara ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisiň dowamynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, senagat kooperasiýasyny, oba hojalygyny, ulag-logistika ulgamyny, nebitgaz pudagyny, bilim we medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Galymjan Koýşybaýew Gazagystanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny ösdürmäge taýýardygyny belledi. Mejlisiň jemleri boýunça jemleýji teswirnama gol çekildi.

Hökümetara toparyň mejlisiniň çäklerinde döwlet edaralarynyň, ösüş institutlarynyň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň wekillerini bir ýere jemlän Gazagystan-Türkmen işewürlik forumy hem geçirildi. Çärä Türkmenistandan 40-a golaý, Gazagystandan bolsa 100 kompaniýa gatnaşdy.

Işewürlik forumynyň netijeleri boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminama gol çekildi:

  • «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkeziniň paýdarlar jemgyýeti bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;
  • «Silk Way Asia Trade» jogapkärçiligi çäklendirilen şereket bilen «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýetiniň, şeýle hem «Silk Way Asia Trade» bilen «Gamma» hususy kärhanasynyň arasynda elektron söwda ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky ylalaşyklar;
  • «Ashra Solutions» jogapkärçiligi çäklendirilen şereket bilen «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň arasynda maýa goýum we gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky ylalaşyk.

Related posts

Latwiýa Respublikasynyň Prezidentine gutlag haty iberildi

Türkmenistan, Owganystan we Gazagystan iri logistika merkezini döreder

Ukuda telefonyň gulaklygyny ýuwutdy