Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň taryhyndaky iň köp pökgi geçiren oýunçy Neýmar 980 günden soň ilkinji gezek milli ýygyndy üçin oýnady.
34 ýaşly hüjümçi Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň üçünji duşuşygynda Şotlandiýa garşy oýnuň 76-njy minudynda ätiýaçdan meýdança girdi. Ol şikesi sebäpli ýaryşyň ilkinji 2 duşuşygyny goýberipdi.
Neýmaryň Braziliýanyň milli ýygyndysy üçin mundan öňki duşuşygy 2023-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda bolupdy. Milli ýygyndynyň düzüminde ol Olimpiýa çempiony boldy, Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyny gazandy, Konfederasiýalar kubogynda ýeňiji boldy hem-de Amerika kubogynyň finalçysy boldy.
Neýmar Braziliýanyň milli ýygyndysy üçin iň köp pökgi geçiren futbolçy bolup, onuň hasabynda 79 gol bar. Şotlandiýa garşy duşuşyk onuň milli ýygyndydaky 129-njy oýny boldy.
Neýmar gatnaşan ähli Dünýä çempionatlarynda diýen ýaly şikesler bilen ýüzbe-ýüz boldy. 2022-nji ýylda ol toparçalaýyn tapgyrda Serbiýa garşy geçirilen (2:0) duşuşykda şikes aldy. 2018-nji ýylda bolsa sag aýagynyň şikesinden soň üç aýlap bejergi alyp, Russiýada geçirilen Dünýä çempionatyna doly fiziki taýýarlyksyz gatnaşdy.
2014-nji ýylda Braziliýada geçirilen Dünýä çempionatynda hüjümçi bil oňurgasyndan şikes alypdy we şonuň üçin Germaniýa garşy geçirilen ýarym final duşuşygyny (1:7) goýbermäge mejbur boldy.
