SPORT

Ata kesbi – agtyga-da halal

Türkmen halkynyň “Ata kesbi-ogla halal” diýen ajaýyp nakyly bar. Ol aslynda agtyklara hem halaldyr. Muny dünýä belli boksçy Muhammed Aliniň agtygynda hem görmek bolýar. Muhammed Aliniň agtygy Niko Ali Walş atasynyň ýoluny dowam etdirmegi makul bildi.

Ol hem atasy ýaly dünýä belli boksçy bolmagy arzuw edýär. Şonuň üçin ol sportuň bu görnüşi bilen meşgullanyp, ilkinji professional tutluşygyna çykmagy meýilleşdirýär. bu tutluşyk şu ýylyň 14-nji awgustynda geçiriler.

Muhammed Aliniň boks bilen meşgullanýan döwründe onuň 27 tutluşygyny guran 89 ýaşyndaky Bob Arum bilen şertnama baglaşan Niko Ali atasyndan galan boks mirasyny dowam etdirmekden uly hoşallyk duýýandygyny belledi.

ABŞ-nyň goşunyndan pensiýa çykan harby-deňiz güýçleriniň ofiseri Robert Walş bilen Muhammed Aliniň gyzy Raşeda Aliniň ogly Niko Ali Walş takmynan 30 sany höwesjeňleriň tutuluşygyna çykypdy.

Ähli döwürleriň meşhur boks türgeni hasaplanýan Muhammed Ali sport durmuşynda 3 gezek agyr agramda dünýä çempiony bolupdy. Ol uzak ýyllaryň dowamynda “Parkinson” keseli zerarly ejir çekip, 2016-njy ýylda aradan çykypdy.

 

Kosmos syýahatçylygy üçin biletler satylýar

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy