SPORT

Welosiped ýaryşynyň möhleti öňe süýşürildi

Halkara welosiped birleşigi (UCI) abraýly “Tur de Frans” köp günlük ýaryşynyň 2021-nji ýylda geçiriljek senesiniň üýtgändigini habar berdi. Bu barada birleşigiň metbugat gullugy habar berýär.

Bu ýaryşy ilkibaşda 2021-nji ýylyň 2-25-nji iýuly aralygynda geçirmek meýilleşdirilipdi. Şosse welosipedi boýunça olimpiýa ýaryşlarynyň geçirilýändigi sebäpli, köp günlük “Tur de Frans” ýaryşyny 26-njy iýun we 18-nji iýul aralygynda geçirmek göz öňünde tutuldy.

“Tur de Frans” ýaryşy 1903-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär hem-de “Jiro d’Italiýa” we “Wuelta” ýaly iň abraýly welosiped ýaryşlaryndan biridir. Tokiodaky Olimpiýa oýunlary 2021-nji ýylyň 23-nji iýuly –  8-nji awgusty aralygynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Related posts

Kuraş-2023: milli ýygyndymyz «Türgenler» myhmanhanasyna ýerleşdiler

Dünýäniň iň baý boksçylary

Merkezi Aziýanyň iň uly stadiony gurulýar