BILIM

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda nobatdaky möhüm waka bolup geçdi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.

Bu resminama ýokary bilim, ylmy-barlag işleri, sanly bilim tehnologiýalary, akademiki alyş-çalyş maksatnamalary hem-de mugallymlaryň we talyplaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Şeýle hem taraplaryň arasynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, halkara tejribäni alyşmak we innowasion başlangyçlary goldamak üçin täze mümkinçilikler açylar.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda we Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň netijesinde Türkmenistanda bilim ulgamynyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň öňdebaryjy bilim merkezleri bilen ýola goýýan hyzmatdaşlygy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Gol çekişlik dabarasy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga, bilim we ylym ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga möhüm goşant goşar. Gazanylýan bu oňyn netejiler ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» amala aşyrylmagynyňň aýdyn subutnamasydr.

Ýene-de okaň

Türkmen okuwçylary Singapurdaky halkara olimpiadada 6 medal gazandylar

Türkmen okuwçylary Bakuda geçirilen «TIMO 2026» halkara olimpiadasyna gatnaşdy

2026-njy ýylda ýokary okuw mekdeplerine 18 müňden gowrak adam talyplyga kabul ediler

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde emeli aň boýunça täze ugurlar açylýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň jemi 20-si açylýar

Dalaşgär-2026: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti