BILIM

“Açyk gapylar”: Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti şu ýylyň 20-nji maýynda sagat 15:00-da 2022-2023-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta mekdepleriň okuwçylary, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky özgertmeleriniň uniwersitetde durmuşa geçirilişi, ýokary okuw mekdebinde öwredilýän hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik we ylmy işler, döwrebap tehnologiýalar, enjamlar bilen abzallaşdyrylan okuw otaglary, barlaghanalar, «Oguz han» innowasion toplumy, kitaphana, sport-sagaldyş toplumy we talyplaryňýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Köşi köçesiniň 100-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-16-12, 39-16-40.

 

“Açyk gapylar”: Türkmen döwlet medeniýet instituty

Ýene-de okaň

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “THE Sustainability Impact Ratings 2026” dünýä reýtingine girizildi

Türkmen-türk gatnaşyklarynda bilimiň orny

“Hytaýyň ilçisiniň talyp haky” atly taslama boýunça ýeňijiler sylaglandy

Türkmenistan bilen Hytaý bilim boýunça täze ylalaşyklara gol çekişdi

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar