BILIM

1-nji synp okuwçylara «Bilimli» noutbuklary sowgat berler

Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 22-nji martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, giň gözýetimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermek maksady bilen, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak, 1-nji awgusta çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy we «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berlipdi.

Şondan soňra bu ugurdaky işlere girişilip, ady agzalan kärhanalaryň işçi-hünärmenleriniň tutanýerli zähmeti netijesinde jemi 137 müň 54 sany «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleri öz wagtynda taýýarlanylyp, Aşgabat, Arkadag şäherlerindäki we welaýatlardaky degişli bilim edaralaryna gowşuryldy.

Noutbuk kompýuterleriniň deň ýarysyny — 68 müň 527-sini Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti taýýarlady we olaryň 32 müň 276-sy Daşoguz welaýatynyň, 10 müň 731-si Balkan welaýatynyň, 25 müň 520-si Mary welaýatynyň degişli bilim edaralaryna ýollanyldy.

Kompýuterleriň galan ýarysyny taýýarlamak bolsa Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň paýyna düşdi.

Related posts

Ylym-bilim ulgamyndaky halkara tejribeler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Daşary işler ministrleriniň Halkara gatnaşyklar institutynda «Açyk gapylar» güni geçiriler

“Makul Sözlük” Garward uniwersitetiniň kitaphana katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov