BILIM

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmen okuwçylaryndan düzülen Oguzrobot topary Niderlandlaryň Eýndhowen şäherinde geçirilen FIRST Tech Challenge European Premier Event 2026 halkara robototehnika ýaryşynda iň gowy 20 toparyň (TOP-20) hataryna girdi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

16–20-nji iýunda geçirilen ýaryşyň jemleýji tapgyryna dünýäniň 33 ýurdundan 105 topar gatnaşdy. Çäre Benilýuks ýurtlarynda FIRST Tech Challenge taslamasynyň hyzmatdaşy bolan Niderlandlaryň STEAMup guramasy tarapyndan guraldy.

Toparyň düzümine Aşgabat şäherindäki 97-nji orta mekdebiň okuwçylary — Dürdäne Gurbanowa, Ogulaý Kulyýewa, Oraznyýaz Rejepow, Nepesaly Täçmyradow we Nuraly Kerimow girdi. Topara halypa Gurban Seýitgulyýew ýolbaşçylyk etdi.

Oguzrobot topary Ýewropa yklymy boýunça jemleýji tapgyra gatnaşmak hukugyny Astana şäherinde geçirilen FIRST Tech Challenge Central Asia 2026 ýaryşynyň netijeleri boýunça gazandy.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow okuwçylary ilçihananyň binasynda kabul edip, olary gazanan üstünligi bilen gutlady. Onuň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň robototehnika, inženerçilik we programmirleme ugurlarynda gazanýan üstünlikleri ýaş nesliň ylma we häzirki zaman tehnologiýalaryna bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýene-de okaň

Türkmen okuwçylary Singapurdaky halkara olimpiadada 6 medal gazandylar

Türkmen okuwçylary Bakuda geçirilen «TIMO 2026» halkara olimpiadasyna gatnaşdy

2026-njy ýylda ýokary okuw mekdeplerine 18 müňden gowrak adam talyplyga kabul ediler

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde emeli aň boýunça täze ugurlar açylýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň jemi 20-si açylýar

Dalaşgär-2026: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti