BILIM

Halkara informatika olimpiadasyna badalga berildi

Düýn Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda II Açyk halkara informatika olimpiadasyna (OIOIUS — 2024) dabaraly ýagdaýda badalga berildi.

Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän informatika olimpiadasyna gatnaşmak üçin dünýäniň 18 döwletiniň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary we mugallymlary gözel paýtagtymyza geldiler. 350-ä golaý talyby hem-de 30-dan gowrak daşary ýurtly mugallymy bir ýere jemlän olimpiada iki tapgyrda geçiriler. Onuň birinji tapgyrynda gatnaşyjylara programmalary işläp düzmek bilen bagly 5 sany ýumuş hödürlener. Olaryň ählisi zerur programma üpjünçiligi bolan kompýuterler bilen üpjün ediler. Ikinji tapgyrda kiberhowpsuzlyk meselelerini çözmäge degişli tehniki ýumuşlar berler.

Netijeler özbaşdak baha berýän monitoring programmasy arkaly jemlener. Ýumuşlary ýerine ýetirmäge 180 minut wagt berilýär. Olimpiada ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan düzülen ýörite topar eminlik eder. Ýeňijiler altyn, kümüş, bürünç medallar we I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanylar.

Related posts

Türkmenistan Täjigistanda mekdep gurar

Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär hökmünde hasaba almagyň tertibi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy

Ata Watan Eserleri