MEDENIÝET

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.

Giň gerimli döredijilik çäresi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagyndan başlandy. “Türkmen medeniýetini, sungatyny we edebiýatyny ösdürmekde ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň uly ähmiýeti bardyr. Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň hem türkmen medeniýetiniň köpöwüşginliligini ähli ajaýyplygy bilen açyp görkezmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gutlagynda belleýär.

 

Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy mynasybetli guralýan çärelere Hökümet agzalary, Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky guramalaryň, ýurdumyzyň döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, talyplar gatnaşdylar. Olar “Türkmeniň ak öýi” binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli sergi bilen tanyşdylar.

Soňra kaşaň binada medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti ýaýbaňlandyryldy. Oňa ýurdumyzyň belli teatr artistleri, estrada aýdymçylary, bagşy-sazandalar gatnaşdylar. Belent ruha beslenen aýdym-sazlar tans hem-de folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary bilen utgaşyklylykda dowam etdi.

Ýene-de okaň

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi

Çary Berdiýew Russiýadaky kinofestiwalda baş baýraga mynasyp boldy

«Magtymguly Pyragy» filmi Russiýada baýraga mynasyp boldy

Balkan welaýatynda 22-nji iýunda Medeniýet hepdeligine badalga berler

Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda “Azerbaýjan edebiýaty burçy” açyldy

Arkadag şäheri Azerbaýjanyň Medeniýet günlerini kabul etdi