DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär

2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Polşa Respublikasynyň Warşawa şäherinde  ýurdumyzyň wekilýetine ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy jenap Robert Bagan bilen iş duşuşygyny geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatyndaky ähli başlangyçlar we maksatnamalar boýunça hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirmäge taýýardyklary barada nygtadylar. Şeýle hem halkara migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçirilen duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy jenap Robert Bagan Migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy bilen Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Bu resminamanyň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi tejribe we öňdebaryjy usullary giňeltmäge, bilelikdäki geňeşmeleri we bilermenler duşuşyklaryny gurnamaga, hünärmenleriň arasyndaky hünär gatnaşyklaryny ösdürmäge, şeýle hem migrasiýa babatda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Gol çekilen Ähtnama Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň migrasiýa bilen bagly meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň hem-de migrasiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem taraplar Ähtnamanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da berkitmekde we hyzmatdaşlygyň berk halkara-hukuk binýadyny döretmekde möhüm ädim bolandygyny aýratyn nygtap geçdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda parahatçylyk we durnuklylyk başlangyçlaryny öňe sürer

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär