DÜNÝÄ

Türkmenistan we Kataryň ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kataryň Premýer-ministri, daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler.

Şeýle-de, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň guramaçylygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary derejesindäki özara gatnaşyklary dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan ýollanan çakylyk haty Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylygyna gowşuryldy

Özbegistan bilen Beýik Britaniýa täze resminamalara gol çekişdi

Burkina Faso, Siriýa Arap Respublikasy we Uganda: bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň täze agzalary