JEMGYÝET

Abdul Gani Baradar: TOPH taslamasy sebit üçin ähmiýetli

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy we Owganystanyň ýokary derejeli wekiliýeti, ykdysady meseleler boýunça premýer-ministriň orunbasary Abdul Gani Baradar Ahund bilen duşuşdy.

Owganystanyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň resmi saýtynda habar berlişine görä, duşuşykda iki ýurduň arasynda möhüm taslamalar, hususan-da Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi taslamasy boýunça pikir alşyldy.

Abdul Gani Baradar Ahund TOPH taslamasynyň Owganystanyň, Türkmenistanyň we sebitiň beýleki döwletleriniň ykdysadyýeti üçin möhüm taslama bolup durýandygyny belläp, türkmen tarapyndan taslama durmuşa geçirilen owgan halkyna iş üpjünçiligini döretmegi haýyş etdi.

Türkmen tarapy taslamanyň amaly işlerine laýyklykda, köp sanly owgan halkynyň iş bilen üpjün ediljekdigini belledi.

Şeýle hem mundan beýläk-de iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek maksadyna gönükdirilen iri taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar