DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa-ABŞ işewürler forumy geçiriler

Gazagystanyň Almaty şäherinde “B5+1” görnüşinde Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň hökümet wekilleriniň we işewür düzümleriniň gatnaşmagynda forum geçiriler. Bu barada Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň resmi wekili Aýbek Smadiýarow habar berdi.

– 13-15-nji mart aralygynda Almaty şäherinde “B5+1” görnüşinde Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň hökümet wekilleriniň we işewür düzümleriniň gatnaşmagynda forum geçiriler. “B5 + 1” başlangyjy hökümetler bilen işewür toparlaryň arasynda işjeň gatnaşygy üpjün etmek, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitindäki iň möhüm ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we olary çözmek üçin anyk ädimler üçin döredildi – diýip, belledi.

Mundan başga-da, bu çäräniň 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Nýu-Ýorkda geçirilen döwlet Baştutanlary sammitinde teklip edilen “B5+1” platformasynyň resmi taýdan açylyşy boljakdygyny aýtdy.

Related posts

Bahreýniň we Kuweýtiň daşary işler ministrleri bilen telefon söhbetdeşligi

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy Arkadag şäherine ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri

Kýurasao milli ýygyndysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi