BIZNES

Türkmenabatda täze jaýlar ulanylmaga berildi

Türkmenabat şäherinde söwda merkezli, her biri 18 öýli 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi açylyp, ulanylmaga berildi.

 Şäheriň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda ýerleşýän jaýlaryň gurluşygyny “Nusaý ýollary” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp bardylar. 

 Welaýat merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli hem her biri 24 öýli 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsiniň ulanylmaga berilendigini ýatladýarys.

13-nji martda döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyna amala aşyran iş sapary-da many-mazmuna baý bolup, onuň dowamynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanylyşa girizilmegi ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ösüş depginini ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýetlidir

Related posts

Türkmen wekiliýeti “InnoTrans 2022” atly iri ulag forumyna gatnaşýar

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasy tassyklanyldy

Koreý kompaniýasy Türkmenistanda mineral dökün önümçiligini gurar