BIZNES

Barlaghanada ilkinji gezek kofe öndürildi

Uzak bolmadyk wagtda günüňizi irden barlaghanada öndürilen kofäňizi içip başlap bilersiňiz. Dünýädäki kofe öndürýän sebitler global ýylylyk sebäpli guraklyk bilen göreşýän wagtynda, milliardlarça dollarlyk kofe senagaty ýokary islegi kanagatlandyrmak kynçylyklary bilen göreşýär. Emma finlýandiýaly alymlar laboratoriýa gurşawynda ilkinji gezek kofe dänelerini öndürmegi başardylar. Alymlar öndüren kofesiniň adaty tagamynyň we ysynyň bardygyny bellediler.

Taslamanyň esasy derňewçisi Heiko Rişer “Ys we tagam nukdaýnazaryndan taýýarlanan duýgur panelimiz we analitiki gözden geçirişimiz demlenme ýagdaýy adaty kofe bilen meňzeşdigini ýüze çykardy. Şeýle-de bolsa, kofe öndürmek sungatdyr we önüm ýöriteleşdirilen enjamlar bilen hünärmenleriň gözegçiligi astynda öndürilýär”- diýip aýtdy.

Köp milliardlyk kofe senagaty islegi kanagatlandyrmakda kynçylyklara sezewar bolýar. Mundan başga-da, her ýyl takmynan 220 million tonna kofe öndürilýär.

Rişer laboratoriýasy kofesiniň ýakyn wagtda adamlaryň gündelik durmuşynda orun alyp biljekdigini aýtdy. Alymlar emeli kofeniň sarp edijiler üçin kabul edilip bilinjekdigine ynanyp, bioreaktor tarapyndan öndürilen dürli kofe görnüşlerine synag etdiler.

 

Özbegistan prezident saýlawlaryna barýar

 

 

Ýene-de okaň

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

“Türkmennebit” döwlet konserni buraw turbalaryny satyn alar