JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň ikinji gününde Fizuli şäherine bardy. Bu ýerde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Fizuli şäherinde ýerine ýetirilýän giň gerimli taslamalar bilen tanyşdylar.

Azerbaýjanyň Prezidentiniň Agdam, Fizuli we Hojawend etraplary boýunça ýörite wekili Emin Huseýnow Türkmenistanyň Prezidentine Fizuli etrabynyň çäginde ýerine ýetirilýän dikeldiş işleri, şeýle hem şäheriň baş meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýan we meýilleşdirilýän işler barada maglumat berdi.

Takmynan 2 müň gektar meýdany eýeleýän Fizuli şäheriniň baş meýilnamasyna laýyklykda, 2040-njy ýyla çenli bu ýerde 50 müň adamyň ýaşamagy göz öňünde tutulýar. Häzirki zaman şähergurluşyk ülňülerine laýyklykda täzeden gurulýan Fizulide “Akylly şäher” konsepsiýasy ulanylar.

Ýokary derejeli myhmana Fizuli şäherinde Türkmenistan tarapyndan gurulýan metjit barada hem maglumat berildi.

Bu metjidiň düýbi geçen ýylyň oktýabr aýynda Gabalada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 12-nji sammitine gatnaşan Prezident Ilham Aliýew, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de beýleki döwlet we hökümet Baştutanlary tarapyndan onlaýn görnüşde tutuldy.

Metjit toplumynyň umumy meýdany 1 gektardan gowrak bolar. Boýy 40 metr bolan iki minara gurlar. Esasy gümmeziň beýikligi 30 metr bolar. Metjitde bir wagtyň özünde 500 adam namaz okamaga mümkinçilik alar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady

Aşgabat-Baku: ikitaraplaýyn ähtnamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Azerbaýjan Türkmenistana nebit tankerini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda resmi dabara bilen garşylandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana döwlet sapary başlandy

Müsür dünýä çempionatyň taryhynda ilkinji ýeňşini gazandy