DÜNÝÄ

Anar Guliýew: Fizulide gurulýan metjit Türkmenistan bilen doganlygyň nyşanydyr

Fizuli şäherinde gurulýan metjit diňe bir binagärligiň täsin nusgasy bolman, eýsem Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky mizemez dostlugyň, doganlygyň we umumy ruhy gymmatlyklaryň hem beýanydyr.

Bu barada Azerbaýjanyň Azerbaýjanyň Döwlet şähergurluşyk we binagärlik komitetiniň başlygy Anar Guliýew Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurow bilen geçirilen duşuşykda aýtdy.

Ol: “Biz Türkmenistanyň Garabag we Gündogar Zangezur ykdysady sebitlerinde alnyp barylýan giň gerimli dikeldiş we täzeden gurmak işlerine berýän goldawyna ýokary baha berýäris” diýip belledi.

Komitetiň başlygy Fizuli şäherinde gurulýan metjit taslamasynyň (Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady) iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer we medeni gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem pugtalandyrylýandygyny görkezýändigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky doganlyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki ösüş mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, şähergurluşyk, gurluşyk we infrastruktura ugurlarynda, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda, şeýle hem bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy