DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ulag hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Stambuldaky baş konsuly Muhammetnur Öwezow Türkiýe Respublikasynyň Halkara ýük ekspeditorlary birleşiginiň (UND) wekilleri bilen duşuşdy.

Aragatnaşyk müdirligi tarapyndan berlen beýanatda sürüjilik wizasy, sürüjileriň rugsatnamalarynyň möhletini uzaltmak, wiza amallaryny ýeňilleşdirmek, ulag ulgamynyň Hazar ugruny ösdürmek we Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr ulag gatnawlarynyň möçbeirni ýokarlandyrmak ýaly hyzmatdaşlyk ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanda we Türkiýede degişli guramalaryň arasynda işlenip düzülen taslamalaryň durmuşa geçirilmegi hem-de hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada degişli çözgütler kabul edildi.

Related posts

Awstriýanyň işewür wekiliýeti Türkmenistana geler

Türkmenistanda Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini dikeltmek işi dowam edýär

Ženewada WIPO agza ýurtlaryň Assambleýasynyň 65-nji mejlisi geçirilýär