SPORT

«Galkan» onunjy gezek Türkmenistanyň hokkeý boýunça çempiony boldy

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Galkan” hokkeý kluby milli çempionatda onunjy gezek ynamly ýeňiş gazandy.

Türkmenistanyň 10-njy ýubileý çemponatynyň kümüş medallaryny “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazawtomatika” müdirliginiň “Oguz han” hokkeý kluby eýeledi.
Nebitgaz toplumynyň hokkeý oýunçylary Içeri işler ministrliginiň institutynyň “Nesil” hokkeý klubunyň oýunçylary bilen duşuşyp, 8:3 hasabynda ýeňiş gazandylar. Üçünji ýere “Şir” hokkeý kluby mynasyp boldy.

Related posts

Türkmenistan bilen Gazagystan sport hyzmatdaşlygyny ösdürer

“Trabzonspor”  topary Türkiýäniň kubogyny gazandy

Habib – Getži tutluşygy 24-nji oktýabrda geçiriler