DÜNÝÄ

Türkmen ilçisi Kataryň Baş prokurory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Baş prokurory Ysa bin Saad Al Jafali Al Nuaými bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada diplomatik wekilhanada habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda ilçi Türkmenistanda 2025-nji ýylda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýilip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler barada belledi.

Şeýle hem taraplaryň arasyndaky Ähtnamanyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy