DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentiniň Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrow bilen Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti Roin Metreweliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ylym we täze tehnologiýalar çygrynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan mümkinçilikleri we alnyp barylýan has işjeň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar öz ýurtlarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, akademiki ulgamda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrdylar. Iki ýurduň alymlarynyň arasynda göni aragatnaşyk gurmakda iki döwletiň Ylymlar akademiýalarynyň arasynda öň gol çekilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamanyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem taraplar iki ýurduň arasyndaky ylym we bilim gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösmegine goşant goşjak konferensiýalary, seminarlary, forumlary geçirmegiň bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary taýýarlamagyň möhümdigini bellediler.

Related posts

Putin 26-27-nji maýda Özbegistanda döwlet saparynda bolar

Hytaýda “Bir guşak – bir ýol” halkara forumy geçiriler

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar