TEHNOLOGIÝA

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkmenistan döwletimiziň ýakyn hyzmatdaşy bolan Hytaý Halk Respublikasynyň «CRRC Ziyang Co., Ltd.» kompaniýasy bilen Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň paýly gatnaşygynda döredilen «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, ýük gatnawlaryň sanyny artdyrmak maksady bilen, «CKD9A-1» kysymly üç bölekli täze ýük teplowozlary satyn alnyp Türkmenistana getirildi.

Täze teplowoz paýtagtymyzyň Demir ýol menzilinde dabaraly ýagdaýda garşy alyndy. Oňa ak sakgally ýaşulylar, kümüş saçly enelerimiz we pudagyň degişli hünärmenleri, şeýle hem talyp ýaşlar – ýaş demirýolçular gatnaşdylar.

Täze döwrebap ýük teplowozlary häzirki zaman enjamlaryň ornaşdyrylmagy bilen, olarda ýükleriň uly möçberde we uzak aralyklara daşalmagyna uly mümkinçilikleri döretdi. Şeýle hem, demir ýol ulaglary pudagyna gelip gowşan täze ýük teplowozlary «polat kuwwatynyň» güýjüne has-da goşant goşup, ýük otlulary daşamakda özüniň ýokary iş öndürijiligi bilen tapawutlanyp, ygtybarly, uzak möhletleýin hyzmat etjekdigine häzirden güwä geçse bolar.

Related posts

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

“Samsung”-yň täze eplenýän telefony

“Apple”: “iPhone 13” telefonyny tanyşdyrdy