ABŞ-nyň Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers Nepal, Hindistan, Özbegistan we Türkmenistan saparlarynyň jemlerine bagyşlanan onlaýn metbugat brifinginde habar berdi.
“Häzirki wagtda emeli aň bütin dünýäde çalt ösýär. Ýurt emeli aňyň ösdürilmegini goldamagy meýilleşdirýär we maglumatlary işläp taýýarlaýan merkezleriň (data-merkezleriň) gurluşygy boýunça daşary ýurt kompaniýalary bilen gepleşikler alnyp barylýar. Amerikan kompaniýalary bu ugurdaky hyzmatdaşlyga taýýarmy? Haýsy kompaniýalar muňa gatnaşyp biler we şeýle hyzmatdaşlygyň anyk geljegi nähili? diýen sowal bilen ýüzlenildi.
“Men haýsydyr bir anyk kompaniýanyň adyndan ýa-da anyk bir ähtimal şertnama barada aýdyp bilmerin, ýöne özümiň baý tejribeme daýanyp, amerikan tehnologiýa kompaniýalarynyň döretmäge we hyzmatdaşlyk etmäge örän höweslidigini hem-de amerikaly “paýhasly maýadarlaryň” emeli aňda geljegi görýändigini aýdyp bileris. Şonuň üçin, bütin Merkezi Aziýa boýunça emeli aň we maglumatlary işläp taýýarlaýan merkezler baradaky mowzuk meniň her bir ýurduň ýokary derejeli ministrleri bilen bolan duşuşyklarda-da gozgaldy. Bu bolsa örän täsirli we tolgundyryjy ýagdaý, sebäbi bu tehnologiýa biziň iş alyp baryşymyzy üýtgeder we bilimi hem gowulyga tarap özgerder diýip pikirlenýärin. Men hem ýaşlar, hem telekeçiler bilen gürrüňdeş bolanymda, emeli aňyň artykmaçlyklaryny görendigimi aýdyp bilerin we Türkmenistanyň bu tehnologiýa bolan gyzyklanmasy meni ruhlandyrýar we muňa geň galmaýaryn. Umuman aýdanyňda, haçan-da bir ýurt tehnologiýany we abadançylygy islese, amerikan kompaniýalary muny üpjün etmäge taýýardyr” diýip, Sara Rojers jogap berdi.
