JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Antoniu Žoze Seguruwa ýurduň milli baýramy — Portugaliýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Antoniu Žoze Seguruwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Portugaliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Maksatmyrat Aşyrgeldiýewiç Öwezgeldiýewiň terjimehaly

Ata Watan Eserleri

Mary şäherinde täze binalar ulanmaga berildi

Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan: ygtyýarly ykdysady operatorlar ykrar ediler