JEMGYÝET

Futbol boýunça dünýä çempionaty başlaýar

Dörtýyllygyň baş futbol ýaryşy – dünýä çempionaty 23-nji gezek geçirilýär. Ertir futbol janköýerleriniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşýan çempionatyna badalga berler.

Türkmenistanda DÇ-2026-nyň ähli oýunlaryna Russiýanyň «Match TV» teleýaýlymynda, şeýle hem beýleki teleýaýlymlarda tomaşa edip bolar.

Bäsleşigiň bütin taryhynda ilkinji gezek birbada 48 sany milli ýygyndy meýdança çykar. Bu bolsa, ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň meýdançalarynda 40 güne ýetmeýän wagtyň içinde 100-den gowrak oýnuň geçiriljekdigini aňladýar.

Şäherleriň sanawy:

  • ABŞ: Nýu-Ýork (Istri-Raterford şäher etraby), Atlanta, Boston, Dallas, Hýuston, Kanzas-Siti, Los-Anjeles, Maýami, Filadelfiýa, Sietl, San-Fransisko.

  • Kanada: Toronto, Wankuwer.

  • Meksika: Mehiko, Gwadalahara, Monterreý.

12 topar aşakdaky ýaly görünýär:

  • A. Meksika, Günorta Afrika Ruspublikasy, Günorta Koreýa, Çehiýa;

  • B. Kanada, Bosniýa we Gersegowina, Katar, Şweýsariýa;

  • C. Braziliýa, Marokko, Gaiti, Şotlandiýa;

  • D. ABŞ, Paragwaý, Awstraliýa, Türkiýe;

  • E. Germaniýa, Kurasao, Kot-d’Iwuar, Ekwador;

  • F. Niderlandlar, Ýaponiýa, Şwesiýa, Tunis;

  • G. Belgiýa, Müsür, Eýran, Täze Zelandiýa;

  • H. Ispaniýa, Kabo-Werde, Saud Arabystany, Urugwaý;

  • I. Fransiýa, Senegal, Yrak, Norwegiýa;

  • J. Argentina, Alžir, Awstriýa, Iordaniýa;

  • K. Portugaliýa, Kongo DR, Özbegistan, Kolumbiýa;

  • L. Angliýa, Horwatiýa, Gana, Panama.

Toparlaýyn tapgyryň netijeleri boýunça 1/16 finala her dörtlükden iň gowy iki ýygyndy göni geçýär. Üçünji orny eýelänleriň arasynda iň gowy netije görkezen sekiz ýygyndy hem pleý-offa çykmaga hukuk gazanar. Netijede: 48 gatnaşyjydan 32 ýygyndy ýaryşy dowam etdirer, 16-sy bolsa bäsleşigi möhletinden öň tamamlar.

Toparlaýyn tapgyryň ähli oýunlary

11-nji iýun. DÇ-2026-nyň açylyş oýny

  • 23:55* / Meksika – GAR *şu ýerde we mundan beýläk oýunlaryň wagty Aşgabat wagty bilen görkezilendir.

12-nji iýun

  • 7:00 / Günorta Koreýa – Çehiýa

  • 23:55 / Kanada – Bosniýa we Gersegowina

13-nji iýun

  • 6:00 / ABŞ – Paragwaý

  • 23:55 / Katar – Şweýsariýa

14-nji iýun

  • 3:00 / Braziliýa – Marokko

  • 6:00 / Gaiti – Şotlandiýa

  • 9:00 / Awstraliýa – Türkiýe

  • 22:00 / Germaniýa – Kurasao

15-nji iýun

  • 1:00 / Niderlandlar – Ýaponiýa

  • 4:00 / Kot-d’Iwuar – Ekwador

  • 7:00 / Şwesiýa – Tunis

  • 21:00 / Ispaniýa – Kabo-Werde

  • 23:55 / Belgiýa – Müsür

16-njy iýun

  • 3:00 / Saud Arabystany – Urugwaý

  • 6:00 / Eýran – Täze Zelandiýa

  • 23:55 / Fransiýa – Senegal

17-nji iýun

  • 3:00 / Yrak – Norwegiýa

  • 6:00 / Argentina – Alžir

  • 9:00 / Awstriýa – Iordaniýa

  • 22:00 / Portugaliýa – Kongo DR

18-nji iýun

  • 1:00 / Angliýa – Horwatiýa

  • 3:00 / Gana – Panama

  • 7:00 / Özbegistan – Kolumbiýa

  • 21:00 / Çehiýa – GAR

  • 23:55 / Şweýsariýa – Bosniýa we Gersegowina

19-njy iýun

  • 3:00 / Kanada – Katar

  • 6:00 / Meksika – Günorta Koreýa

  • 23:55 / ABŞ – Awstraliýa

20-nji iýun

  • 3:00 / Şotlandiýa – Marokko

  • 6:00 / Braziliýa – Gaiti

  • 9:00 / Türkiýe – Paragwaý

  • 22:00 / Niderlandlar – Şwesiýa

21-nji iýun

  • 1:00 / Germaniýa – Kot-d’Iwuar

  • 5:00 / Ekwador – Kurasao

  • 9:00 / Tunis – Ýaponiýa

  • 21:00 / Ispaniýa – Saud Arabystany

  • 23:55 / Belgiýa – Eýran

22-nji iýun

  • 3:00 / Urugwaý – Kabo-Werde

  • 6:00 / Täze Zelandiýa – Müsür

  • 22:00 / Argentina – Awstriýa

23-nji iýun

  • 2:00 / Fransiýa – Yrak

  • 5:00 / Norwegiýa – Senegal

  • 8:00 / Iordaniýa – Alžir

  • 22:00 / Portugaliýa – Özbegistan

24-nji iýun

  • 1:00 / Angliýa – Gana

  • 4:00 / Panama – Horwatiýa

  • 7:00 / Kolumbiýa – Kongo DR

  • 23:55 / Şweýsariýa – Kanada

  • 23:55 / Bosniýa we Gersegowina – Katar

25-nji iýun

  • 3:00 / Şotlandiýa – Braziliýa

  • 3:00 / Marokko – Gaiti

  • 6:00 / Çehiýa – Meksika

  • 6:00 / GAR – Günorta Koreýa

26-njy iýun

  • 1:00 / Kurasao – Kot-d’Iwuar

  • 1:00 / Ekwador – Germaniýa

  • 4:00 / Ýaponiýa – Şwesiýa

  • 4:00 / Tunis – Niderlandlar

  • 7:00 / Türkiýe – ABŞ

  • 7:00 / Paragwaý – Awstraliýa

  • 23:55 / Norwegiýa – Fransiýa

  • 23:55 / Senegal – Yrak

27-nji iýun

  • 5:00 / Kabo-Werde – Saud Arabystany

  • 5:00 / Urugwaý – Ispaniýa

  • 8:00 / Müsür – Eýran

  • 8:00 / Täze Zelandiýa – Belgiýa

28-nji iýun

  • 2:00 / Panama – Angliýa

  • 2:00 / Horwatiýa – Gana

  • 4:30 / Kolumbiýa – Portugaliýa

  • 4:30 / Kongo DR – Özbegistan

  • 7:00 / Alžir – Awstriýa

  • 7:00 / Iordaniýa – Argentina

Pleý-off haçan geçiriler?

1/16 final tapgyry 28-nji iýun – 3-nji iýul aralygynda, 1/8 final oýunlary bolsa 4-7-nji iýul aralygynda geçiriler. Çärýek finallar 9-11-nji iýula, ýarym finallar bolsa 14-15-nji iýula meýilleşdirildi.

Üçünji orun ugrundaky oýun 18-nji iýunda bolar, final bolsa 19-nji iýunda Nýu-Ýorkuň golaýyndaky Ist-Raterfordda ýerleşýän «Metlaýf» stadionynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy