SPORT

Žoze Mourinýo 13 ýyldan soňra ýene-de “Reala” dolandy

Ispaniýanyň “Real Madrid” futbol kluby Žoze Mourinýonyň baş tälimçi wezipesine geçmegi üçin Portugaliýanyň “Benfika” klubyna 15 million ýewro töledi. Bu barada “Benfikanyň” metbugat gullugy habar berýär.

Öz gezeginde, Portugaliýanyň komandasyna tälimçi Marku Silwa ýolbaşçylyk eder.

Mourinýo 2010-njy ýyldan 2013-nji ýyla çenli “Real Madridiň” baş tälimçisi bolupdy, bu döwürde topar bir gezekden Ispaniýanyň çempionatyny, Kubogyny we Superkubogyny gazandy.

Tälimçi “Benfikada” geçen ýylyň sentýabryndan bäri işleýärdi.

“Real Madrid” yzly-yzyna bäşinji ýyl dünýäniň iň gymmat futbol klublarynyň reýtingine öňdeligi eýeleýär. Madrid klubynyň bahasy 9,5 milliard dollar möçberinde kesgitlendi.

Ýene-de okaň

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar

Fransiýa ilkinji ýarym finalçy boldy

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7