SPORT

Dünýä çempionatynyň iň owadan goly

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Rişarlisonyň Katarda geçirilen we ýaňy-ýakynda tamamlanan dünýä çempionatynda geçiren goly çempionatyň iň owadan goly hasaplandy. Bu barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) öz resmi saýtynda habar berdi.

Çempionatyň iň owadan goluny brazil hüjümçi Rişarlison çempionatyň birinji tapgyrynda Serbiýanyň derwezesinden geçiren goly boldy.

Çempionatyň iň owadan goly üçin Saud Arabystanydan Salem Al-Dawsari, Niderlandlardan Kodi Gakpo, Argentinadan Enso Fernandes, Kamerundan Wensana Abubakar, Meksikadan Luis Çawes, Fransiýadan Kilian Mbappe, Günorta Koreýadan Pek Syn Ho, Braziliýadan Neýmar we Rişarlison bäsleşdi.

Bu futbolçylaryň çempionat döwründe geçiren gollary boýunça ses berlişik geçirildi. Onuň netijesinde, Rişarlisonyň goly saýlandy.

Related posts

Messi kararyny berdi: “Barselonada” düýpgöter özgerişlikler geçiriler

“Arkadag” toparynyň garşydaşy “Al-Nasr” 3 oýundan bäri ýeňilýär

Ata Watan Eserleri

Erling Holand gollaryň sanynda Messi we Mbappe bilen deňleşdi

Leave a Comment