SPORT

“Baýer” – Germaniýanyň kubogyny gazandy

Taryhynda ilkinji gezek çempion bolan Germaniýanyň “Baýer” topary möwsümi ýene-de bir kubok bilen tamamlady. UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň kubogyny gazanyp bilmedik “Baýer” topary Germaniýanyň kubogyny ugrundaky ýaryşyň finalynda “Kaýzerslautern” toparyny 1:0 hasabynda utup, taryhyndaky ilkinji Germaniýanyň kubogyny gazandy.

Duşuşygyň ýeke-täk goluny german toparynyň şweýsar futbolçysy Granit Žaka öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, Germaniýanyň futbol çempionatynda hiç bir duşuşykda ýeňilmedik “Baýer” topary hem çempion boldy hem-de Germaniýanyň Kubogyny gazandy.

Möwsümiň ähli ýaryşlarynda 51 duşuşykda ýeňilmän dünýä rekordyny goýan german topary möwsümi uly üstünlikler bilen jemledi.

Related posts

“Aziýa Kubogy-2027”: Türkmenistanyň futbolçylary üstünlikli çykyş edýär

Öz meýdançasyndaky ýitgisi 3,3 million ýewro

Gurban Berdiýewiň “Dinomasy” birinjilige geçdi