SPORT

“Mançester Siti” Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi

“Mançester Siti” topary Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi. Iňlis merkezi goragçy Mark Gehi “Mançester Siti” topary bilen şertnama baglaşyp, “Kristal Palas” toparyndaky çykyşyny resmi taýdan tamamlady.

Bu barada “Mançester Siti” toparynyň metbugat gullugy mälim etdi.

Angliýa milli ýygyndysynyň 25 ýaşly futbolçysy üçin “Mançester Siti” 23 million ýewro tölär. Futbolçy klub bilen 2031-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy.

Gehi “Çelsi” toparynyň düzüminde ýetişen futbolçysydyr.

Related posts

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady

Futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä reýtinginde 64-nji orny eýeleýär

Ata Watan Eserleri

Germaniýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden boşaldyldy