SPORT

Çempionlar ligasynyň ilkinji finalçysy – “Inter”

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň jogap duşuşyklarynyň ilkinjisi oýnaldy. Onda Italiýanyň “Inter” topary öz meýdançasynda Ispaniýanyň “Barselona” toparyny kabul etdi. Örän çekeleşikli hem-de köp golly duşuşykda “Inter” topary 4:3 hasabynda ýeňip, Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy.

Milan şäherinde geçirilen duşuşykda “Inter” toparynyň gollaryny Lautaro Martines, Hakan Çalhanogly, Françesko Açerbi we Dawide Frattezi geçirdi.

“Barselona” toparyndan bolsa, Erik Garsiýa, Dani Olmo we Rafinýa tapawutlandy.

Bu toparlaryň ilkinji duşuşygy hem 3:3 hasabynda tamamlanypdy.

“Inter” topary finalda Fransiýanyň “PSŽ” bilen Angliýanyň “Arsenal” toparynyň duşuşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar.

Çempionlar ligasynyň finaly 31-nji maýda Germaniýanyň Mýunhen şäherinde geçiriler.

“Inter” topary 7-nji gezek Ýewropanyň öňdebaryjy ýaryşynyň finalynda çykyş edýär we mundan ozal, 3 gezek, ýagny 1964-nji, 1965-nji we 2010-njy ýyllarda ýeňiş gazanypdy.

Italýan topary soňky gezek 2023-nji ýylda finala çykyp, onda “Mançester Siti” toparyndan 1:0 hasabynda utulypdy.

Ispaniýanyň “Barselona” topary hem soňky gezek 2015-nji ýylda Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanypdy. Ispan ägirdi hem 10 ýyldan bäri bu kubogy eýeläp bilmän gelýär.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyna çykan 19 ýygyndy belli boldy

Futbol boýunça dünýä çempionaty tomaşaçy sany boýunça rekord goýdy

Dünýä çempionatynda urlan gollar boýunça täze rekord goýuldy