SPORT

Kartondan futbol janköýerleri

Germaniýanyñ “Borussiýa Mýunhengladbah” topary 27-nji tapgyrda geçiriljek “Baýer Lewerkuzen” oýunda özüniñ stadionynda 12 müñ karton tomaşaçylaryñ ýerleşdiriljekdigini habar berdiler. “Express.de” internet neşiriniň habar bermegine görä, bu guraljak şekiller-“Hiç zada seretmezden şol taýda bol” diýen şygaryñ astynda geçiriler. Tomaşaçylar 19 ýewro özüniñ kartondan ýasalan ekiz taýyny stadionda geçiriljek duşuşykda ýerleşdirmek mümkinçiligini alar, olaryñ 4 ýewrosy haýyr-sahawat gaznasyny tabşyrylar. Guramaçylar başda tomaşaçylardan 1-2 müñ sargyt garaşýardylar. Emma 20 müñden gowrak tomaşaçy özüniñ kartondan edilen şekilini sargyt etmek boýunça ýüz tutdylar.

“Borussiýa Mýunhengladbah-Baýer Lewerkuzen” duşuşygy 23-nji maýda sagat 18:30-da başlanar. Häzirki wagtda Mýunhengladbahlylar 52 utuk toplap, üçünji orny eýeläp gelýärler. Lewerkuzen 50 utuk toplap, bäşinji orny eýeleýärler.

Ýene-de okaň

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi