SPORT

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy

62 ýaşly portugaliýaly hünärmen bilen şertnama 2027-nji ýylyň tomsuna çenli baglaşyldy, ýöne taraplar häzirki möwsümiň soňunda hyzmatdaşlygy dowam etdirmän biljekdigi barada ylalaşdylar.

Lissabonyň «Benfika» kluby Žoze Mourinýuny toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini mälim etdi, şertnama 2027-nji ýylyň tomsuna çenli dowam edýär. Taraplar häzirki möwsümiň soňunda şertnamany dowam etdirmän biljekdigine ylalaşdy.

Mourinýu «Benfika»nyň baş tälimçisi wezipesine ikinji gezek geldi. Ol 2020-nji ýylda klubda sentýabrdan dekabra çenli işläpdy.

Geçen möwsümde «Benfika» Portugaliýanyň çempionatynda ikinji orny eýeledi we Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda Mourinýunyň ýolbaşçylygyndaky «Fenerbahçe» toparyny ýeňip çykdy. Bu ýagdaý garşydaş tälimçiniň wezipesinden boşadylmagyna sebäp boldy.

Ýöne Portugaliýanyň kluby Çempionlar ligasynda özüniň ilkinji duşuşygynda ýeňlenden soň, tälimçisi Bruno Laženi hem wezipesinden boşatdy.

Mourinýu karýerasynda «Portu», «Inter», «Çelsi», «Mançester Ýunaýted», «Tottenhem», Madridiň «Real» «Roma» hem-de Türkiýäniň “Fenerbahçe” toparlarynda işledi.

Related posts

Çempionlar ligasy: Pike gol geçiren garry futbolçy boldy

Kriptopuluny döretjek ilkinji futbolçy bolar

Ata Watan Eserleri

Dünýä belli futbolçy “Galatasaraý” toparynda oýnar

Ata Watan Eserleri